Sahypromix adout image

SAHYPROMIX


“Sahypromix” kompaniýasy 2005-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň bazarynda işleýär. Professional ses we ýagtylyk enjamlary , LED ekranlary ,saz gurallaryny eltip bermek, gurmak, düzetme we sazlama ýaly hyzmatlaryny hödürleýär.

Kompaniýa öz işinde ses we yşyklandyryş enjamlaryny öndürýän öňdebaryjy kompaniýalaryň iň täze tehniki çözgütlerini we ähli täzelikleri ulanýar.

Biz Türkmenistanyň ähli ýerinde işleýäris.

Biz islendik masştabdaky kärhanalar, firmalar, kompaniýalar üçin iň ösen we döwrebap çözgütleri hödürleýäris. Sahypromix Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň agzasy bolup durýar .

Biz aýratyn sargytlardan uly göwrümli taslamalara çenli islendik çylşyrymlylykdaky taslamalary döretmegi, işläp düzmegi we ýerine ýetirmegi amala aşyrýarys.

Dürli konsert zallarynyň, kinoteatrlaryň,banket zallarynyň, restoranlaryň öňdebaryjy ses güýçlendiriji enjamlary we ýagtylandyryş enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy, habar beriş ,konferensiýa ulgamyny gurnamak, LED ekranlaryny gurnamak we saz gurallary bilen üpjün etmek.

Gurlan professional enjamlaryna hyzmat etmek boýunça daşary ýurtly hünärmenleri taýýarlamak. Satuwdan soňky tehniki goldaw, gurlan enjamlaryna zawod kepilligini bermek , satuwdan soňky hyzmat.